Germaniýa Ýarag Eksportuny Ýeňilleşdirmek Isleýär

Germaniýanyň Goranmak ministri Boris Pistorius ýurdunyň ýarag eksporty boýunça has “çeýe” syýasat alyp barmalydygyny aýtdy.

2071222
Germaniýa Ýarag Eksportuny Ýeňilleşdirmek Isleýär

Berlin Howpsuzlyk Maslahatyndaky ylmy diňlenşiklerden birinde çykyş eden ministr Pistorius; “Has açyk pikirli syýasata we strategik özgerlişge zerurlygymyz bar” diýdi.

Pistorius häzirki köp bolokly dünýäde Germaniýanyň strategik ähmiýetli sebitleýin güýçler bilen goranyş pudagynda hyzmatdaşlyk etmelidigini nygtap; “Ýarag eksportunda has çeýe bolunmaly, dünýäniň ähli ýerinde strategik ýaranlara zerurlygymyzyň bardygyna has gowy göz ýetirilmeli, esasanda kadalara esaslanýan halkara ulgamy goldaýan we şol ulgamyň ýanynda durýan ýurtlar bilen” diýdi.

Halkara howpsuzlyk şertlerindäki üýtgeşiklikleriň Germaniýanyň “gyşarnyksyz çäklendiriji çemeleşmesini” gaýtadan seljermegini talap edýändigini nygtan Pistorius, diňe bir Germaniýanyň gymmatlyklaryny doly bölüşýän ýurtlara ýarag satuwa rugsat berilmegini ýa-da goranyş senagatynda hyzmatdaşlyk edilmegini dogry diýip tapmaýandygyny aýtdy.

 



Degişli Habarlar