Hamas Bilen Ysraýylyň Arasyndaky Hüjümler Bes Edildi

Ylalaşyk 4 gün dowam eder.

2068245
Hamas Bilen Ysraýylyň Arasyndaky Hüjümler Bes Edildi

Hamas bilen Ysraýylyň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda Gaza Sektorunda hüjümleriň wagtlaýynça bes edilip, ýesir çalşygy we ynsanperwer kömekleriň geçirilmegi üçin 4 günlük ynsanperwer arakesme başlady.

Kataryň Daşary işler minstrliginiň beýan eden ylalaşyk meýilnamasyna görä Ysraýylyň we Hamasyň Gaza Sektorunda çaknyşyklaryň bes edilmeginden soň, Rafah gümrük geçelgesinden ynsanperwer kömekleri Gaza Sektoruna getirilmäge başlanar.

Gabaw astyndaky Gaza Sektorunda ysraýylly ýesirlerden 1-nji günde boşadyljak 13 zenan we çaga, ýerli wagt boýunça sagat 16.00-da Rafah gümrük geçelgesine tarap gider. Halkara Gyzylhaç komiteti ýesirlere logistiki goldaw berer. Müsürde garaşjak ysraýylly resmiler tarapyndan kabul edilip alynjak ýesirler Ysraýyla getirilenden soň, hassahanada degişli barlaglardan geçiriler.

Ysraýylly ýesirleriň barlaglarynyň gutarmagyndan soň boşadyljak palestinaly zenan we çaga tussaglaryň bolsa basylyp alynan Günbatar Şeriadaky harby Ofer keselhanasyna getiriljekdigi beýan edildi.

Birinji günüň dowamynda boşadyljak sany we şahsyýeti heniz beýan edilmedik palestinaly ýesirler, ol ýerden Beýtunýa gözegçilik nokadyna getirilip, palestinaly resmilere gowşurylar.

4 günüň dowamynda boşadyljak 50 ysraýyllynyň öwezine palestinaly 150 tussagyň boşadylmagy göz öňünde tutulýar.

 



Degişli Habarlar