Ysraýyl ýesir alynan zenan esgeriň ýogalandygyny tassyklady

Ysraýylyň goşuny gabaw astyndaky Gaza sektorynda ýesir düşen 19 ýaşyndaky Noa Marçiano atly zenan esgeriň ýogalandygyny mälim etdi

2064413
Ysraýyl ýesir alynan zenan esgeriň ýogalandygyny tassyklady

Goşun tarapyndan berilen beýanatda Noa Marçianonyň ýogalandygy baradaky habaryň maşgalasyna ýetirilendigi aýan edildi. 

Noa Marçianonyň 7-nji oktýabrdan bäri Gazada ýesirlikde saklanandygy bellenen beýanatda, zenan esgeriň näme sebäpli ýogalandygy barada bolsa maglumat berilmedi. 

Hamasyň harby şahasy Izeddin al-Kassam topary Noa Marçianonyň ýesir alynanyndan soň düşürilen wideo ýazgy bilen ýogalandygyny görkezýän suratlary paýlaşypdy. 

Kassam topary Noa Marçianonyň Ysraýylyň Gaza garşy guran hüjümlerinde öldürilendigini habar beripdi. 


Etiketkalar: #esger , #zenan , #ýesir , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar