NATO Hüjümleriň Bes Edilmegini Goldaýar

NATO-nuň Baş sekretary Ýens Stoltenberg Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy.

2062666
NATO Hüjümleriň Bes Edilmegini Goldaýar

NATO-nuň Baş sekretary Ýens Stoltenberg Gazada halkara hukugyna sarpa goýulmagy üçin çagyryş edip; “NATO-nuň ýaranlary Gaza ynsanperwer kömekleriň ýetirilmegi üçin çaknyşyklara arakesme berilmegini goldaýar” diýdi.

NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg bilen Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçiren duşuşyklaryndan öň žurnalistlere beýannama berdiler.

Stoltenberg, Şols bilen Ýakyn Gündogardaky ýagdaý, Hamasyň hüjümlerine Ysraýylyň görkezen garşylygy hakynda pikir alyşjakdyklaryny nygtap; “Halkara hukugyna sarpa goýulmaly. Asuda ilat goralmaly. NATO-nuň ýaranlary Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin çaknyşyklara arakesme berilmegini goldaýar” diýdi.

“Soňky hepdelerde gören gam-gussalarymyz, durnukly çözgüt ugrundaky tagallalarymyzdan el çekmeli däldigimizi bize ýene-de bir gezek ýatladýar” diýen Stoltenberg, Gazadaky söweşiň uly sebitleýin çaknyşyga öwrülmeli däldigini aýtdy.

Ýens Stoltenberg Eýranyň we Hizbullahyň bu söweşden çetde durmalydygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar