“Ýesirler Boşadylýança Hüjümler Dowam Eder”

Netanýahu, “Palestinaly toparlaryň elindäki ýesirle boşadylýança hüjümleriň bes edilmejekdigini dostlarymyz we düşmanlarymyz bilmeli” diýdi.

2060643
“Ýesirler Boşadylýança Hüjümler Dowam Eder”

Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu, gabaw astyndaky Gaza Sektorynda palestinaly toparlaryň elindäki ýesirler boşadylýança hüjümleriň dowam etjekdigini aýtdy.

Netanýahu, Ysraýylyň günortasynda howa merkezine guran iş saparyndan soň Gaza guralýan hüjümler hakynda maglumat berdi.

Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu, “Palestinaly toparlaryň elindäki ýesirle boşadylýança hüjümleriň bes edilmejekdigini dostlarymyz we düşmanlarymyz bilmeli” diýdi.

Netanýahu, 3-nji noýabrda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen Tel-Awiwde bolan duşuşygyndan soň hem şuňa meňzeş beýannama beripdi.

Hamasyň Kassam atly ýaragly topary, 7-nji oktýabrda ir ertir Ysraýyla garşy “Aksa Tupany” ady bilen giň gerimli operasiýa başladypdy.

Ysraýylyň harby goşuny hem, harby uçarlar bilen Gaza Sektoryna garşy “Demir Gylyçlar”operasiýasyny başlandygyny mälim edipdi.

Şol günden bäri dowam edýän hüjümlerde iki tarapda hem müňlerçe adam ýogaldy.



Degişli Habarlar