Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammiti Gazagystanda Geçirilýär

Türki Döwletleriň Guramasynyň Döwlet Ýolbaşçylarynyň 1-njy Sammiti şu Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilýär.

2059710
Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammiti Gazagystanda Geçirilýär
Astana.1.jpg
Astana.3.jpg

Döredilen gününiň 14 ýyllygyny belläp geçýän gurama “Türki döwür” temasy bilen jemlenşýär.

Umumy taryhy we medeni gymmatlyklara eýe bolan türki döwletleriň döreden guramasy, türki dünýäni bitewileşdirmegi maksat edinip, agza ýurtlar bilen ykdysadyýetden syýasata, medeniýetden syýahatçylyga, bilimden sporta ençeme ugurlarda hyzmatdaşlyk şertlerini döretmek ugrunda iş alyp barýar.

Gazagystanyň paýtagty Astanada 10-njy gezek geçirilýän TDG-nyň Sammitinde Türkiýä Prezident R.T.Erdogan wekilçilik edýar.

Sammitiň temasy “Türki döwür” hökmünde kesgitlendi. Sammit bilen, guramanyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň ara alyp maslahatlaşmagyna, liderleriň birnaçe möhüm meselede kararlary kabul etmegine, ykdysadyýet, söwda, ulaglar we gümrük ugurlarynda TDG-nyň taslamalary boýunça birnäçe ylalaşyklara we resminamalara karar beriljek ýokary derejeli platformanyň döredilmegi nazarda tutulýar.

Guramanyň Döwürleýin başlyklygynyň Özbegistandan Gazagystana geçjek Sammitde döwlet ýolbaşçylary birnaçe karara we Astana Ylalaşygyna hem-de Astana Jarnamasyna gol çekerler.

2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzstan we Türkiýe tarapyndan gol çekilen Nahiçewan ylalaşygy bilen döredilen Türki döwletleriň guramasy 14 ýylda 5 million inedördül territoriýa eýe bolan agza ýurtlar bilen türki dünýäniň geosyýasy pozisiýasyny güýçlendiren halkara gurama öwrüldi.

2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambulda geçirilen Liderleriň 8-nji Sammitinde Türki döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi bolan ady “Türki döwletleriň guramasy” görnüşinde üýtgedildi. 2019-njy ýylda Bakuwda geçirilen Sammitde bolsa Özbegistanyň gatnaşmagynda agza sany bäşe ýeten guramada Türkmenistan, Wengriýa we Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy synçy agza bolup durýar.

Merkezi Stambulda ýerleşýän gurama BMG-niň başda durmagynda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, Yslam hyzmatdaşlyk guramasy we Bütindünýä gümrük guramasy ýaly köp sanly halkara gurama bilen hyzmatdaşlyk edýar.

Soňky gezek Türkiýede 6-njy fewralda bolan ýer titremelerden soň 16-njy martda Ankarada geçirilen guramanyň nobatdan daşary Sammitinde duşuşan liderler içginlik bilen Türkiýani goldaýandyklaryny görkezdiler.

Sammitden soň gol çekilen Ankara jarnamasynda “Tebigy betbagtçylyklaryň dolanşygy” TDG-nyň täze hyzmatdaşlyk ugurlaryndan biri hökmünde kesgitlendi.



Degişli Habarlar