Ysraýyl 12 Müň Tonnadan Gowrak Partlaýjy Maddasyny Ulandy

12 müň tonnadan gowrak partlaýjy maddasynyň 1 atom bombasy güýjüne deňdigi nygtaldy

2055552
Ysraýyl 12 Müň Tonnadan Gowrak Partlaýjy Maddasyny Ulandy

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza guraýan hüjümlerinde ulanan 12 müň tonnadan gowrak partlaýjy maddasynyň 1 atom bombasy güýjüne deňdigi nygtaldy.

Gazadaki hökümet, Ysraýylyň guraýan hüjümleri hakynda beýannama berdi.

Beýannamada, Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza 12 müňden gowrak partlaýjy bilen hüjüm edendigi ýatladyldy.

Beýannamada, Ysraýylyň Gazada häzire çenli ulanan partlaýjy mukdarynyň ABŞ-nyň YY jahan urşynda Ýaponiýanyň Hiroşima şäherine atan atom bombasynyň güýjüne dendigi nygtaldy.

Beýannamda, Ysraýylyň hüjümleri sebäpli 183 müňden ýaşaýyş jaýyna zeper ýetirlendigi, 28 müň ýaşaýyş jaýynyň dolulygyna ýykylandygy ýatladyldy.

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza guraýan hüjümlerinde 2 müň 360-y çaga, 1421-i zenan bolmak bilen 5 müň 791 adamyň ýogalandygy, 16 müň 297 adamyň hem ýaralanandygy bellenildi.

Beýannamada, ybadathanalary hem nyşana alýan Ysraýylyň hüjümlerinde fosfor bombasy ýaly halkara derejesinde gadagan edilen ýaraglary ulanýandygyne üns çekildi.

Beýannamada, Gaza berilýän ynsanperwer kömeginiň ähmiýetine üns çekildi we ýaralananlaryň başga ýerde bejerilmegi üçin çagyryş berildi.



Degişli Habarlar