Ysraýylyň goşunynyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň goşuny soňky 1 günde gabaw astyndaky Gaza zolagynda 400 ýeri nyşana alandygyny habar berdi

2054985
Ysraýylyň goşunynyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär

Asuda ilat gyrgynçylygynyň bes edilmegi ugrunda dünýä derejesinde barha artýan çagyryşlara garamazdan Ysraýylyň harby güýçleri, tapawut goýmadan Gazany bombalamaga dowam edýär. 

Ysraýylyň goşunyndan berilen beýanatda, Gazadaky biri-birinden tapawutly etrapçalarynda ýerleşýän 400 aýry ýeriň nyşana alynyp hüjüm guralandygy habar berildi. 

Beýanatda nyşana alynan ýerleriň "Hamasa degişli ýerlerdigi" öňe sürülip, aralarynda bäbekler hem bolan asuda ilat ýitgileri barada maglumat berilmedi. 

Ysraýylyň goşuny beýanatynda nyşana alynan ýerleriň biriniň metjitdigini belledi. 

Al Aksa kanalynyň Telegram sahypasynda berilen habarlara görä, Gazada Ysraýylyň guran hüjümleriniň netijesinde soňky 1 gijede aralarynda zenanlar we çagalar hem bolan 110 palestinaly ýogaldy. 

Ysraýylyň goşuny uruşyň 18-nji gününde hem Gazada ençeme ýeri nyşana alyp hüjüm gurady. 

Aksa kanalynyň hassahanadan berilen habar çeşmelerine esaslanyp beren habaryna görä, Gazanyň Han Ýunus we Refah şäherlerindäki asuda ilatly ýerlerine Ysraýyla degişli uçarlar tarapyndan guralan hüjümleriň netijesinde ýogalan adamlaryň sany 57-ä ýetdi. Hüjümlerde şeýle hem onlarça adamyň ýaralanandygy mälim edildi. 

Harabalyklaryň aşagynda köp sanda adamyň bardygy we gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi aýan edildi. 

Ysraýylyň goşuny Liwan serhedinde bolsa raketa bilen hüjüm guramak üçin taýarlyk görendikleri anyklanan ýerlere garşy ýaragly uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm guralandygyny habar berdi. 

Hamasyň Kassam atly habary topary, 7-nji oktýabrda ysraýyla garşy “Aksa tupany” ady bilen giň gerimli hüjüm başladypdy.

Gazadan Ysraýyla müňlerçe raketa atyldy we ýaragly toparlar hem ilatly ýerlere girdi.

Ysraýylyň harby goşuny hem harby uçarlar bilen Gaza sektoryna garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladandygyny mälim edipdi.

Dartgynlyk sebäpli iki tarapda hem müňlerçe adam ýogaldy.



Degişli Habarlar