BDSGG: "Gazadaky ýagdaý gözegçilikden çykýar" diýdi

Gebreýesus X sosial media platformasyndan Gazadaky saglygy goraýyş ulgamynyň ýagdaýy bilen bagly beýannama berdi

2052618
BDSGG: "Gazadaky ýagdaý gözegçilikden çykýar" diýdi

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň baş müdüri Tedros Adhanom Gebreýesus, Gazada saglygy goraýyş bilen bagly ýagdaýyň gözegçilikden çykýandygyny we lukmançylyk kömekleriň ýetirilmegi üçin garaşylýan her bir sekuntda adam pidalarynyň çekilýändigini habar berdi. 

Tedros Adhanom Gebreýesus X sosial media platformasyndan Gazadaky saglygy goraýyş ulgamynyň ýagdaýy bilen bagly beýannama berdi. 

Gazada saglygy goraýyş bilen bagly ýagdaýyň gözegçilikden çykýandygyny we lukmançylyk kömekleriň ýetirilmegi üçin garaşylýan her bir sekuntda adam pidalarynyň çekilýändigini aýdan Tedros Adhanom Gebreýesus, BDSGG-nyň Gaza üçin sebite ugradan lukmançylyk enjamlarynyň eýýäm 4 gün bäri serhetde garaşdyrylýandygyny mälim etdi. 

Tedros Adhanom Gebreýesus saglygy goraýyş enjamlaryny Gaza ýetirilmäge başlanmagy üçin gyssagly üpjünçiligiň zerurdygyny belläp, taraplaryň arasyndaky zorlugyň durmagynyň zerurdygyny beýan etdi. 

Hamasyň Kassam atly habary topary, 7-nji oktýabrda ysraýyla garşy “Aksa tupany” ady bilen giň gerimli hüjüm başladypdy.

Gazadan Ysraýyla müňlerçe raketa atyldy we ýaragly toparlar hem ilatly ýerlere girdi.

Ysraýylyň harby goşuny hem harby uçarlar bilen Gaza sektoryna garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladandygyny mälim edipdi.

Dartgynlyk sebäpli iki tarapda hem müňlerçe adam ýogaldy.

Soňky gezek bolsa Ysraýylyň Gazadaky Al-Ehli Baptist hassahanasyna guran hüjüminiň netijesinde 500 adamyň ýogalandygy habar berildi. 



Degişli Habarlar