KDR-da gämi pajygasy başdan geçirildi

Takmynan 190 adamyň halas edilen wakada, gözleg we halas ediş işleri dowam edýär

2051582
KDR-da gämi pajygasy başdan geçirildi

Kongo Demokratik Respublikasynyň Ekwator welaýatynda gämileriň biriniň batmagy netijesinde azyndan 40 adam ýogaldy, 167 adam dereksiz ýitdi. 

Milli metbugatda berilen habarlara görä Ekwator welaýatynyň Mbandaka şäherçesindäki portdan ýola çykyp, Kongo derýasynyň üsti bilen Bolomba tarap ugur alan gämi ýolda batdy. 

Wakada azyndan 40 adam ýogaldy, 167 adam dereksiz ýitdi.

Takmynan 190 adamyň halas edilen wakada, gözleg we halas ediş işleri dowam edýär. 

Ýola çykanyndan birnäçe sagat soň gäminiň aşa ýük sebäpli ýöremekde kynçylyk çekendigi we ekipažynyň gämini deňagramlaşdyrmak synanyşygynda ilki başda bir tarapa gyşarylandygy, soň bolsa dolulygyna batandygy habar berildi. 



Degişli Habarlar