NATO Ýadro Türgenleşigini Geçirer

Stoltenberg, türgenleşigiň ýadro ýaraglaryndan ýüz öwrülmegi we howpsuzlyk taýdan möhümdigini belledi.

2050673
NATO Ýadro Türgenleşigini Geçirer

NATO agza ýurtlar geljek hepde, her ýyl adaty ýagdaýda geçirilýän “"Steadfast Noon"” atly ýadro türgenleşigine gatnaşar.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, mesele hakynda beren beýannamasynda, NATO-nyň her ýylyň oktýabr aýynda adaty ýagdaýda geçirýän türgenleşigini geljek hepde Horwatiýada we Ortaýer deňizinde geçirjekdigini aýtdy

Stoltenberg, türgenleşigiň ýadro ýaraglaryndan ýüz öwrülmegi we howpsuzlyk taýdan möhümdigini belledi.

Türgenleşige harby uçarlar we gözegçilik uçarlary bilen birlikde uzak menzilli bombardyrman uçarlary B-52-lileriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýadro türgenleşigi her ýyl gurama agza bir ýurtda geçirilýär.

 

 

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #ýadro , #türgenleşik , #NATO

Degişli Habarlar