Abrams Tanklary Ukrainada Peýdalanylmaga Başlanar

ABŞ-nyň Goranmak ministri  Lloýd Ostin ABŞ-nyň “Abrams” kysymly tanklarynyň Russiýa bilen söweşýän Ukrainanyň harby goşunlary tarapyndan peýdalanylmaga başlanjakdygyny beýan etdi.

2039406
Abrams Tanklary Ukrainada Peýdalanylmaga Başlanar

Ostin Germaniýadaky Ramşteýn bazasynda geçirilen 15-nji Ukraina goranyş aragatnaşyk toparynyň maslahatydan öň beýannama berdi.

Astin; “Men, ABŞ-nyň ozal wada beren “M1 Abrams” tanklarynyň golaýda Ukraina geljekdigini yglan etmekden hoşal” diýdi.

ABŞ-nyň we beýleki ýaranlaryň Ukraina boýunça goranyş goldawynyň 76 milliard dollardan geçendigini beýan eden Ostin, Ukraina goldawyň dowam etjekdigine söz berdi.

Ostin şeýle hem ukrain uçarmanlaryna F-16 uçarlary üçin beriljek talimiň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda hem başlajakdygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar