Pakistanda bombaly hüjüm guraldy

Pakistanyň Peşawer şäherinde harby ulagyň geçýän mahaly guralan bombaly hüjümde 1 esger ýogaldy

2035770
Pakistanda bombaly hüjüm guraldy

Geo News telewideniýe kanalynda berilen habara görä, Haýber Pahtunhwa welaýatynyň Peşawer şäherindäki gelim-gidimli köçeleriň birinde gözegçilik işlerini geçirýän ulag, elde ýasalan partlaýjy bilen nyşana alyndy. 

Bombaly hüjümde 1 esger ýogaldy, 6 esger we asuda ilatdan 3 adam bolsa ýaralandy. 

Resmiler ýaralanan esgerleriň 2-siniň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny habar berdiler. 

Hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan ýok. 



Degişli Habarlar