Zeýn: "EKOWAS bilen birnäçe günüň dowamynda ylalaşyk gazanyp bileris" diýdi

Lamine Zeýn ýurduň paýtagty Niameý şäherinde metbugat ýygnagyny geçirdi

2033052
Zeýn: "EKOWAS bilen birnäçe günüň dowamynda ylalaşyk gazanyp bileris" diýdi

Nigerde wagtaýyn hökümediň Premýer ministri Lamine Zeýn, birnäçe günüň dowamynda Günbatar Afrika döwletleriniň Ykdysady bileleşigi (EKOWAS) bilen ylalaşyk gazanyp biljekdiklerini habar berdi. 

Lamine Zeýn ýurduň paýtagty Niameý şäherinde metbugat ýygnagyny geçirdi. 

EKOWAS tarapyndan Nigere garşy guralmagy ähtimal harby hereketi bilen bagly Zeýn: "EKOWAS bilen gepleşikleri bes etmedik, tapgyr dowam edýär. EKOWAS bilen birnäçe günüň dowamynda ylalaşyk gazanyp bileris" diýip mälim etdi. 

Zeýn şoňa garamazdan islendik mahal hüjüm guraljak ýaly taýardyklaryny aýan etdi. 

Nigerde ýerleşýän fransuz esgerleriň ýurtda bikanun ýagdaýdadyklaryna ünsleri çeken Zeýn, Nigerdäki harby dolanşygyň fransuz esgerleriň ýurtdaky barlygyna rugsat berýän ylalaşyklary ençeme wagt ozal ýatyrandygyny ýatlatdy. 

Zeýn fransuz esgerleriň tiz wagtda yzyna çekilmeklerini üpjün etmek üçin gepleşikleriň dowam edýändigini belläp: "Bizi gyzyklandyrýan zat mümkin boldugyça, köp zady paýlaşýan bir ýurt bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmekdir" diýip belledi. 

Islenmeýän adam yglan edilmegine garamazdan ýurtdan çykmaýan Fransiýanyň Niameý şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Silwen Itteniň ýagdaýynyň üstünde durup geçen Zeýn, Itteniň bir diplomata laýyk ýagdaýda hereket etmändigini nygtady.

Zeýn ilçi Itteniň iň gysga wagtda ýurtdan çykmalydygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar