Şols: "Germaniýada ýadro energiýa ulanylmaz" diýdi

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols ýurdunda mundan beýläk ýadro energiýanyň ulanylmajakdygyny mälim etdi

2032589
Şols: "Germaniýada ýadro energiýa ulanylmaz" diýdi

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols Deutschlandfunk radiosyna beren beýanatynda, ýadro energiýasyna gaýdyp gelmek meselesiniň üstünde durup geçip: "Ýadro energiýasy biz üçin tamam boldy. Ol Germaniýada mundan beýläk ulanylmaz" diýip habar berdi. 

Ýadro energiýanyň bes edilmegi baradaky kararyň ençeme ýyl ozal kabul edilendigini ýatladan Olaf Şols: "Kanuny ýagdaýda tapgyrlaýyn häsýetde bes edildi. Eger täze ýadro desgalaryny gurmak isleseňiz, ol 15 ýyl dowam eder we her biriniň çykdajysy 15 bilen 20 milliard ýewro aralygynda bolar" diýip belledi. 

Olaf Şols ady agzalan energiýanyň ulanylmagynyň bes edilmegi bilen ýadro desgalarynyň hem sökülmäge başlanandygyny belläp: "Ýel energiýasy, gün energiýasy, gidroelektrik we biomassa energiýasyna esaslanýan energiýa üpjünçiligi bilen, täzelenip bilýän energiýalary giňeltmek bilen, elektrik energiýamyzyň 80 göterimini we ýakyn wagtda bolsa zerurlygyň hemmesini kanagatlandyrmak isleýäris. Häzirki wagtda eýerýän ýolumyz hem şoldyr" diýip nygtady. 

Germaniýada oppozisioner partiýalar we koalisiýa şärigi Erkin Demokratik partiýa eýýäm ençeme wagt bäri ýadro energiýanyň ulanylmaga dowam edilmegi barada çagyryş berýär. 



Degişli Habarlar