Ukrainanyň Goranmak Ministri Reznikow Wezipesinden Çekildi

Reznikow, sosial mediadan beren habarnamasynda, wezipesinden çekilýändigini mälim etdi.

2032800
Ukrainanyň Goranmak Ministri Reznikow Wezipesinden Çekildi

Ukrainanyň Goranmak ministri Oleksii Reznikow, wezipesinden çekilmek boýunça arzasyny Parlamentiň başlygyna hödürledi.

Reznikow, sosial mediadan beren habarnamasynda, wezipesinden çekilýändigini mälim etdi.

Reznikow habarnamasynda “Ukrainanyň döwrebap taryhynyň iň agyr döwri bilen soňky 22 aýyň dowamynda Ukrainanyň halkyna hyzmat etmek we Ukrain goşuny üçin işlemek meniň üçin uly buýsançdy” diýdi.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, sosial mediadan beren habarnamasynda, “Ukrainanyň Goranmak ministri Oleksiý Reznikowyň ýerine Goranmak ministri hökmünde Rüstem Umrarowy belleýärin” diýipdi.

 

 



Degişli Habarlar