Müsüriň Prezidenti Sisi Amerikaly Wekiliýeti Kabul Etdi

Prezident Sisi, Amerikan kongresiniň agzalaryndan ybarat wekiliýeti paýtagt Kairde kabul etdi.

2031339
Müsüriň Prezidenti Sisi Amerikaly Wekiliýeti Kabul Etdi

Müsüriň Prezidenti Abdulfettah as Sisi, Amerikan Kongresiniň agzalaryny kabul etdi.

Müsür tarapyndan berlen ýazmaça beýannama görä, Prezident Sisi, Amerikan kongresiniň agzalaryndan ybarat wekiliýeti paýtagt Kairde kabul etdi.

Kabul edilşikde Müsür bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi bilen birlikde sebitara we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki ýurduň ýolbaşçylary, Russiýa-Ukraia söweşiniň ykdysadyýete ýetirýän ýaramaz täsirleri, Sudan, Liwiýa we Siriýa krizisleri bilen birlikde Palestina meselesi hakynda hem giňişleýin pikir alyşdy.

Kabul edilşikde taraplar, döwletleriň bitewiline, jebisligine we hak-hukuklaryň goralmagyna sarpa goýulmagy meselesinde ylalaşyk gazandy.

Müsüriň Prezidenti Sisi kabul edilşikde, Palestinanyň halkynyň hak-hukuklarynyň goralmagy we garaşsyz Palestina döwletiniň gurulmagy üçin halkara derejesinde edilýän tagallalaryň güýçlendirilmelidigini aýtdy.


Etiketkalar: #kabul etdi , #ABŞ , #Müsür

Degişli Habarlar