NATO Ukraina bilen bagly beýannama berdi

NATO Ukrainanyň territorial bütewiligini goldaýandyklaryny, bu babatdaky çemeleşmäniň üýtgemejekdigini beýan etdi

2025147
NATO Ukraina bilen bagly beýannama berdi

NATO-nyň resmileriniň biri NATO-nyň baş sekretarynyň kabinetiniň direktory Stian Jensseniň Norwegiýanyň metbugatynda berilen "Ukrainanyň territoriýasynyň bir bölegini Russiýa bermegi bilen NATO agza bolup biljekdigi" baradaky sözleriniň üstünde durup geçdi. 

"NATO-nyň pozisiýasy anyk we üýtgemedi. NATO agza ýurtlaryň liderleriniň iýul aýynda Wilnýusda geçiren sammitinde belläp geçişleri ýaly, Ukrainanyň özygtyýarlylygyny we territorial bütewiligini dolulygyna goldaýarys" diýip aýdan resmi: "Ukrainany näçe dowam etse etsin, goldamaga dowam ederis. Adalatly we hemişelik parahatçylygy üpjün etmekde tutanýerlidiris. Parahatçylygyň haçan we haýsy şertlerde ýola goýuljakdygyna Ukraina karar berer" diýip belledi. 

Resmi: "Uruşyň gaýtalanmazlygyny üpjün etmek üçin howpsuzlyk bilen bagly düzgünleşdirmä zerurlygyň bardygy aýdyň" diýip nygtady. 

Norwegiýanyň Werdens Gang gazedi tarapyndan berilen habara görä, NATO-nyň baş sekretarynyň kabinetiniň direktory Stian Jenssen Arendal şäherinde geçirilen panelde, Ukrainanyň territoriýasynyň bir bölümini Russiýa bermegi bilen NATO agza bolup biljekdigini beýan edipdi. 

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg ýygy-ýygydan Alýansyň Ukrainanyň territorial bütewiligini goldaýandygyny, agzalygyň diňe uruşdan soň mümkin bolup biljekdigini, parahatçylygyň haýsy şertlerde ýola goýuljakdygyna Ukrainanyň karar berjekdigini belleýär. 



Degişli Habarlar