Türk Uçarmansyz Howa Ulaglary ABŞ-nyň Gün Tertibinde

Türkiýäniň Ýakyn Gündogar goňşulary bilen goranyş senagaty pudagy boýunça edýän gatnaşyklarynyň artandygy nygtaldy.

2021250
Türk Uçarmansyz Howa Ulaglary ABŞ-nyň Gün Tertibinde

Türk goranyş senagatynyň esasy ulaglary bolan uçarmansyz howa ulaglary bilen ýaragly uçarmansyz howa ulaglary hakyndaky habarlar ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gün tertibinde esasy orun eýeleýär.

Amerikan Business Insider žurnaly, Aýlag ýurtlarynyň türk dronlary bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny, Baýraktar TB-2-ä bolan talabyň gün saýyn artýandygyny habar berýär.

Habarda, Saud Arabystany bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň türk ýaragly we ýarasyz uçarmansyz howa ulaglary bilen ýakyndan gyzyklanýandygyna üns çekildi.

Türkiýäniň Ýakyn Gündogar goňşulary bilen goranyş senagaty pudagy boýunça edýän gatnaşyklarynyň artandygy nygtaldy.

Prezident R. T. Erdoganyň iýul aýynda Saud Arabystanyna guran saparynyň çäginde möhüm şertnamalaryň baglaşylandygy ýatladyldy.

Habarda, Aýlag ýurtlarynyň ozal Hytaýda öndürlen dronlary ulanýandyklary ýatladyldy.



Degişli Habarlar