BSGG Efiopiýada başdan geçirilýän wakalara alada bildirýär

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus Efiopiýanyň iň köp ilatly 2-nji sebiti bolan Amharada dowam edýän zorlukly wakalara alada bildirýändiklerini habar berdi

2020977
BSGG Efiopiýada başdan geçirilýän wakalara alada bildirýär

BSGG-nyň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus ozalky ady Twitter bolan X sosial media platformasynda Amharadaky çaknyşyklar barada beýannama berdi. 

"BSGG Efiopiýanyň iň köp ilatly 2-nji sebiti bolan Amharada dowam edýän wakalara alada bildirýär" diýip aýdan Tedros Adhanom Gebreýesus, ýollaryň ýapylmagy sebäpli ynsanperwer kömegiň ugradylmagy we internediň wagtlaýyn öçürilmegi sebäpli aragatnaşyk saklamakda kynçylyk çekilýändigi habar berildi. 

Tedros Adhanom Gebreýesus: "Çaknyşyklaryň adamlaryň saglygyna gönüden täsiri bar. Onuň saglygy goraýyş ulgamlarynada örän uly we uzak möhletli täsirleri bolup biler" diýip mälim etdi. 

Amharada saglygy goraýyş hyzmatlarynyň arakesmesiz elýeterliligi we goralmagy barada çagyryş beren Tedros Adhanom Gebreýesus, şeýlelik bilen BSGG-nyň we hyzmatdaşlarynyň işlerine dowam edip biljekdigini beýan etdi. 

Tedros Adhanom Gebreýesus: "Ähli zatdan ozal parahatçylyk" diýändiklerini belledi. 



Degişli Habarlar