Lukaşenko: "Wagnerçiler bizde dartygnlyk dyýgusyny döretmäge başladylar" diýdi

Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, ýurdunda ýerleşýän rus hususy howpuzlyk kärhanasy Wagnere degişli hakyna tutma söweşijileriň Günbatara gitmek isleýändiklerini habar berdi

2014942
Lukaşenko: "Wagnerçiler bizde dartygnlyk dyýgusyny döretmäge başladylar" diýdi

Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen Sankt-Peterburg şäherinde duşuşyk geçirdi. 

Duşuşykda Ukrainanyň goşunynyň köp sanda esger ýitirendigini aýdan Lukaşenko: "ABŞ-nyň çaklamalaryna görä Ukraina garşylyklaýyn hüjüme geçmeginden bäri 26 müň esger ýitirdi" diýip habar berdi. 

Lukaşenko ýurduna ýerleşen Wagner söweşijileri bilen bagly beren maglumatynda: "Wagnerçiler bizde dartygnlyk dyýgusyny döretmäge başladylar, Günbatara gitmek isleýärler. Warşawa we Žeşuwa gezelenje çykalyň diýärler. Karara laýyklykda olary Belarussiýanyň merkezinde saklaýaryn" diýip belledi. 

Putin hem Ukrainanyň garşylyklaýyn hüjüminde ýitiren esgerleriniň sanynyň 26 müňden gowrakdygyny belläp: "Garşylyklaýyn hüjüm bar, emma ol şowsuz boldy" diýip aýtdy. 



Degişli Habarlar