Zelenskiý Galla Ylalaşygy Boýunça Guterrişiň Işlemeginiň Zerurdygyny Aýtdy

Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý Gara deňiz galla başlangyjy boýunça BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň hem işlemeginiň zerurdygyny aýtdy.

2010623
Zelenskiý Galla Ylalaşygy Boýunça Guterrişiň Işlemeginiň Zerurdygyny Aýtdy

Zelenskiý NATO-nuň Wilnýusdaky sammitiniň çäginde ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen geçiren duşuşygyndan soň guran metbugat ýygnagynda žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

Ukrainanyň NATO agzalygy boýunça hiç bilen söwdalaşmajakdygyny beýan eden Zelenskiý; “Ol Ukrainadaky howpsuzlyk şertlerine esaslanýan hakyky syýasy karar bolar” diýdi.

Zelenskiý ýaranlaryndan “güýçli goranyş goldawyny” alandyklaryny we onuň özleri üçin iňňän möhümdigini nygtady.

Ýurdunyň territoriýasyny haýsydyr bir hukuk derejesi bilen çalyşmajakdyklaryny beýan eden Wladimir Zelenskiý; “Territoriýamyzy doňdurylan çaknyşyga asla çalyşmarys. Meniň pozisiýamy ýaranlarymyz aç-açan bilýär” diýdi.

Prezident R.T.Erdoganyň Ukraina-NATO Geňeşiniň mejlisinde galla başlangyjy meselesini gün tertibine getirendigini beýan eden Zelenskiý; “Prezident Erdogan Türkiýäniň galla başlangyjyny goldaýandygyny, emma howplaryň bardygyny aýtdy. Bu ýerde BMG-niň Baş sekretary Hormatly Guterrişiň meseläniň üstünde işlemegi zerur. Sebäbi olaryň rus tarapy bilen degişli ylalaşygy bar” diýdi.

Ukrain tarapynyň düzgünleri bozmandygyny öňe süren Zelenskiý; “Biz hiç zady bökdämizok. Biz Russiýa bilen şertnama baglaşmadyk, BMG we Türkiýe bilen şertnama baglaşdyk. BMG we Türkiýe Russiýa bilen ylalaşdy. Bu geçelgä zerurlyk bar we ol peýdaly” diýdi.



Degişli Habarlar