“NATO-nyň Taryhynda Ilkinji Gezek Terrora Garşy Göreş Boýunça Ýörite Wekil Bellärin”

Stoltenberg, Türkiýe bilen Şwesiýanyň arasynda howpsuzlyk mehanizminiň dörediljekdigini aýtdy.

2009633
“NATO-nyň Taryhynda Ilkinji Gezek Terrora Garşy Göreş Boýunça Ýörite Wekil Bellärin”

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Türkiýe bilen Şwesiýanyň arasynda howpsuzlyk mehanizminiň dörediljekdigini aýtdy.

Stoltenberg, Latwiýanyň paýtagt Wilnýusda geçirilýän NATO-niň liderler maslahatynyň öňüsyrasynda Prezident R. T. Erdogan we Şwesiýanyň Premýer-ministri Ulf Kristersson bilen Şwesiýanyň NATO agzalygy hakynda geçiren duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

Stoltenberg, “Türkiýe bilen Şwesiýa şu gün howpsuzlyk mehanizminiň döredilmegi boýunça ylalaşyk gazandy. NATO bu ugurda durmuşa geçirýän işlerini artdyrar. Men hem NATO-nyň taryhynda ilkinji gezek Terrora garşy göreş boýunça ýörite wekil bellärin” diýdi.

Stoltenberg, Türkiýe bilen Şwesiýanyň arasyndaky dörediljek howpsuzlyk mehanizminiň täze gepleşik etaby däl eýsem ozal Madritde ylalaşyk gazanylan ugurlaryň ýerine ýetirilşi tapgyry bilen ýakyndan gyzyklanjakdygyny aýtdy.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Türkiýe bilen Şwesiýanyň arasynda dörediljek howpsuzlyk mehanizminiň ýylda bir gezek ýokary derejeli maslahat geçirjekdigini, terror guramasyna we tarapdarlaryna garşy göreşjekdigini belledi.

Stoltenberg “Terrora garşy göreş boýunça bellenjek ýörite wekil terrora garşy alyp barýan göreşimizi güýçlendirer. Türkiýäniň islegine laýyklykda ýörite wekil bellemekden hoşal” diýdi.

 



Degişli Habarlar