Eýranda tematik seýilgähdäki sallançagyň näsazlanmagy sebäpli 9 çaga ýaralandy

Eýranyň Yspyhan şäherinde tematik seýilgähdäki sallançagyň näsazlanmagy sebäpli 9 çaga ýaralandy

2009345
Eýranda tematik seýilgähdäki sallançagyň näsazlanmagy sebäpli 9 çaga ýaralandy

Eýranyň Ýaş žurnalistler jemgyýeti habarlar agentliginiň beren maglumatyna görä, waka Yspyhandaky Nažwan tematik parkda başdan geçirildi. 

Yspyhanyň welaýat häkimliginiň Krizis dolanşygy merkeziniň başlygy Mensur Şişefuruş: "Nažwan tematik parkyndaky sallançaklaryň biri tehniki näsazlyk sebäpli başdan geçirilen hadysada ýaşlary 13 bilen 15 aralygynda üýtgeýän 9 çaga ýaralandy" diýip habar berdi. 

Ýaralanan çagalaryň tapawutly hassahanalarda bejergi astyna alynandygyny Mensur Şişefuruş welaýat häkimliginiň waka bilen bagly derňew işini başladandygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar