Galla Ylalaşygynyň Russiýany Gyzyklandyrýan Bölümleri Iş Ýüzüne Geçmedi

Russiýanyň Prezidentiniň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygynda Russiýany gyzyklandyrýan bölümiň iş ýüzüne geçmändigini beýan etdi.

2006435
Galla Ylalaşygynyň Russiýany Gyzyklandyrýan Bölümleri Iş Ýüzüne Geçmedi

Peskow paýtagt Moskwada aktual meseleler boýunça beýannama berdi.

Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygynyň çäginde Russiýanyň Oba hojalyk banky bilen rus banklaryna SWİFT sanksiýalarynyň bes edilme ähtimallygy hakynda-da durup geçen Peskow, ylalaşykda Russiýany gyzyklandyrýan bölümiň iş ýüzüne geçirilmändigini nygtady.

Peskow; “Häzirlikçe bu ylalaşygyň bir böleginiň iş ýüzüne geçirilmändigini görýäris. Ylalaşygyň möhleti gutarmagyna birnäçe wagt bar. Emma şol bölümiň iş ýüzüne geçirilmeginden umytly däl” diýdi.

Hakynatutma söweşiji “Wagner” toparynň geçen rus hökümetine ýaragly pitnesi hakynda hem durup geçen Peskow; “Russiýadaky Federal howpsuzlyk gullugy bilen ýörite howpsuzlyk güýçleriniň bu pitnäniň öňüni almazlygyna Kreml tarapyndan reaksiýa görkezilip, görkezilmändigi hakynda soraga jogap beren Peskow; “Bu barasynda garaýyş beýan etjek däl. Russiýanyň degişli ähli guramalary öz borçlaryny gyşarnyksyz berjaý edýär. Döwlet ýolbaşçysy, bu agyr günlerde Ýaragly güýçleriň we ýörite ýaragly güýçleriň ýokary derejede gönükdirilendigini nygtady we olara minnetdarlygyny bildirdi” diýdi.

 



Degişli Habarlar