Şwesiýada dynç alyş seýilgähinde heläkçilik başdan geçirildi

Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy

2004156
Şwesiýada dynç alyş seýilgähinde heläkçilik başdan geçirildi

Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherinde dynç alyş seýilgähinde ýokary tizlikli otlynyň relsden çykmagy netijesinde 1 adam ýogaldy, 7 adam ýaralandy. 

Ýokary tizlikli otlynyň 30 metr beýiklikde we takmynan 90 km sagat tizlikde barýan mahaly relsden çykandygy habar berildi. 

Şwesiýanyň metbugaty wakada 1 adamyň ýogalandygyny, Stokgolmyň Polisiýa gullugy bolsa wakada şeýle hem 7 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi. 

Polisiýa gullugy ýaralanan adamlaryň arasynda zenanlaryň we çagalaryň hem bardygyny habar berdi. 

Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy. 


Etiketkalar: #seýilgäh , #rels , #otly , #Şwesiýa

Degişli Habarlar