“Halka Ýarag Çenän Her Bir Adam Jezasyny Çeker”

Putin, firmanyň aksiýasyny “ýaragly pitne” hökmünde häsiýetlendirdi

2003876
“Halka Ýarag Çenän Her Bir Adam Jezasyny Çeker”

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, halka ýarag çenän her bir adamyň jezasyny çekjekdigini mälim etdi.

Rus döwleti bilen howpsuzlyk guramasy Wagneriň arasyndaky krizisden soň metbugata beýannama beren Putin, firmanyň aksiýasyny “ýaragly pitne” hökmünde häsiýetlendirdi.

“Front liniýasyndaky ähli serkerdeler bilen gepleşik geçirendigini we harby goşunyň gahrymanlarça söweşýändigini” aýdan Putin, rus raýatlaryna, esgerlerine, howpsuzlyk güýçlerine we “ýalan we howplar bilen ýaragly pitnä gönükdirenlere ýüzlenip, “Halkymyzyň gelejegi kesgitlenýär we ähli güýçler birleşmeli. Öýke-kinäni bir tarapa goýalyň” diýdi.

“Russiýanyň gaýtadan bölünmegine rugsat bermeris. Halkymyzy gorarys” diýen Putin, rus goşunyna ýaragly pitnä goşulanlary täsirsiz ýagdaýa getirmegi üçin degişli görkezmäniň berlendigini nygtady.

Putin, ýaragly pitnä synanşanlaryň kanunlaryň we halkyň öňünde jezalandyryljakdygyny belledi.

Wagneriň krizisini halky bölmek hökmünde häsiýetlendiren Putin, “ähli kynçylyklaryň hötdesinden geleris we has güýçleneris” diýdi.

Rus howpsuzlyk firmasy Wagneriň esaslandyryjysy Ýewgeniý Prigožin, harby merkezlerine rus goşuny tarapyndan hüjüm edilendigini we hüjüme degişli gaýtawuly görkezmek üçin herekete geçendiklerini aýdypdy.

Wagneriň herekete geçmegi sebäpli Federal Howpsuzlyk gullugy “ýaragly pitne turuzandyklary” sebäpli iş gozgapdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi bolsa Wagneriň harby merkezlerine hüjüm gurandyklary hakyndaky habarlaryň hakykaty beýan etmeýändigini mälim etdi.

 

 



Degişli Habarlar