Ukrainanyň Günbatarly Ýaranlary Soňky Ukrainaly Ýok Edilýänçä Söweşi Dowam Etdirer

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Ukrainanyň günbatarly ýaranlarynyň soňky ukrainaly ýok edilýänçä Russiýa bilen söweşmäge karar berendiklerini beýan etdi.

2003241
Ukrainanyň Günbatarly Ýaranlary Soňky Ukrainaly Ýok Edilýänçä Söweşi Dowam Etdirer

Putin Howpsuzlyk geňeşiniň weoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiren maslahatynda Uurainanyň harby we enjam ýitgileri hakynda beýannama berdi.

Döwletleriň Ukraina harby enjam berip biljekdigini, emma harby güýjüniň çäklidigini beýan eden Putin; “Görşüňiz ýaly Ukrainanyň günbatarly ýaranlary soňky ukrainaly ýok bolýança Russiýa bilen söweşmäge karar beripdirler” diýdi.

Maslahatda çykyş eden Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu bolsa soňky 16 günde dowam eden çaknyşyklardan soň ukrain goşunlarynyň uly ýitgi çekendigini öňe sürüp; “Duşman häzirki wagtda güýçleri gaýtadan toparlara bölýär” diýdi.

Käbir ugurlarda ukrain goşunlarynyň uly ýitgi çekendine garamazdan garşy hüjümlerini dowam etdirjek güýje eýedigini aýdan Şoýgu, Ukrainanyň täze hüjümlerine garşy taýýarlyklaryny dowam etdirýändiklerini beýan etdi.

Şoýgu; “ätiýaç goşun döredýäris. İşler bellenen tertipde dowam edýär. İýunyň ahyryna çenli ätiýaçdaky goşunyň, ýakyn gelejekde bolsa korpusyň dörediliş işlerini tamamlarys” diýdi.

Russiýanyň ýaragly güýçlerine gönüden şertnama bilen 114 müň adamyň kabul edilendigini aýdan Şoýgu, 50 müňden gowrak meýletiniň bardygyny aýtdy.

Ministr Şoýgu günde ortaça 1336 adamyň şertnamaly esgerlik üçin ýüz tutýandygyny nygtady.



Degişli Habarlar