Sudandaky Çaknyşyklar Dowam Edýär

Çaknyşyklar 59 günden bäri dowam edýär.

1999570
Sudandaky Çaknyşyklar Dowam Edýär

Sudanda harby goşun bilen HDK güýçleriniň arasynda paýtagt Hartumyň demirgazygynda we günortasynda güýçli çaknyşyklar bolýar.

Aprel aýynyň ortasynda başlan içerki çaknyşyklar, halkara jemgyýetçiliginiň beren çagyryşyna we sanksiýa howpuna garamazdan 59 günden bäri dowam edýär.

Harby goşun bilen HDK güýçleri, paýtagtyň demirgazygynda we günortasynda ýerleşýän käbir etrapçalarda ýeňil we agyr ýaraglar bilen çaknyşdy.

Şaýatlaryň aýtmagyna görä, harby goşuna degişli uçarlar, paýtagtyň golaýynda käbir etrapçalara we köçelere ornaşan HDK güýçlerini nyşana aldy.

Sudandaki krizis üçin ABŞ-nyň we Saud Arabystanynyň öňbaşçylyk etmeginden başladylan gepleşikler hiç hili netije bermedi.

 



Degişli Habarlar