Russiýanyň Ukrainanyň Odessa sebitine guran hüjüminde 3 adam ýogaldy

Russiýanyň goşunynyň Ukrainanyň Odessa sebitine guran hüjüminde 3 adam ýogaldy, 27 adam ýaralandy

1998089
Russiýanyň Ukrainanyň Odessa sebitine guran hüjüminde 3 adam ýogaldy

Ukrainanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä Russiýanyň goşunynyň ganatly raketalar, Iskender ballistik raketalar we Eýran önümi bolan Shahed-136/131 uçarmansyz howa ulaglary bilen Harkow we Odessa sebitlerine hüjüm gurady. 

Howa goranyş ulgamlary 2 ganatly raketa bilen 20 sany uçarmansyz howa ulagyny täsirsiz ýagdaýa getirdi. 

Täsirsiz ýagdaýa getirilen uçarmansyz howa ulaglarynyň bölekleriniň ýaşaýyş ýerlerine gaçmagy sebäpli asuda ilatdan 3 adam ýogaldy, hamyla 1 zenan we 2 çaga bolmak bilen jemi 27 adam hem ýaralandy. 

Poltawa sebitine guralan hüjümde bolsa Myrhorod harby howa menzili nyşana alyndy, infrastruktura we enjamlara zeper ýetdi. 



Degişli Habarlar