Ukraina: "Bahmutda öňegidişlik etdik" diýdi
Russiýa bilen söweşýän Ukrainanyň goşuny soňky 24 sagatda Bahmut ugrunda käbir ýerlerde 200 bilen 1100 metr aralykda öňegidişlik edendigi habar berildi
Ukrainanyň Goranmak ministriniň orunbasary Anna Malýar, sosial media hasabyndan beren beýanatynda, ýurduň gündogar frontyndaky ýagdaý barada maglumat berdi.
Gündogaryň çaknyşyklaryň güýç merkezi bolmaga dowam edýändigini aýdan Anna Malýar: "Bahmut ugrunda birikmelerimiz goranyşdan hüjüme geçdi. Soňky 1 günde Bahmut ugrunda käbir ýerlerde 200 bilen 1100 metr aralykda öňegidişlik etdik" diýip mälim etdi.
Anna Malýar ruslaryň ady agzalýan ýerde goranyş pozisiýasyna geçip, liniýalaryny elinde saklamaga synanyşýandygyny belläp: "Duşman häzirki wagtda özüni goramak üçin ätiýaçlaryny uzak ýerlerden sebite getirýär" diýip habar berdi.
Russiýanyň howpsuzlyk kärhanasy Wagneriň hakyna tutma söweşijileriniň tyldaky birikmelerde galandygyny aýdan Anna Malýar, häzirki wagtda Russiýanyň howadan hüjüm edip, söweşjeň operasiýalar geçirýändigini aýan etdi.
2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Ukrainanyň basylyp alynmagy barada buýruk beripdi, şeýlelik bilen Russiýa-Ukraina uruşy başlapdy.
Degişli Habarlar
Halkara Günägeçişlik guramasy Ysraýyly Gazada “Genosid” Edýänlikde Günäkärledi
Bu barada Guramanyň Baş sekretary Agnes Kallamard halkara jemgyýetçiligine çagyryş etdi.