NATO-nyň Baş sekretary Türkiyä sapar gurar
NATO tarapyndan berilen beýanata görä, Ýens Stoltenberg 3-4-nji iýun aralygynda Ankara sapar gurar
NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň kasam edişlik dabarasyna gatnaşmak we ýokary derejeli gepleşikler geçirmek maksady bilen 3-4-nji iýun aralygynda Türkiyä sapar gurar.
NATO tarapyndan berilen beýanata görä, Ýens Stoltenberg 3-4-nji iýun aralygynda Ankara sapar gurar.
3-nji iýunda Prezident Erdoganyň wezipä ýaňadandan saýlanmagy mynasybetli geçiriljek kasam edişlik dabarasyna gatnaşjak Ýens Stoltenberg, Prezident Erdogan bilen birlikde ýokary derejeli türk resmiler bilen ikiçäk duşuşyklar geçirer.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.