Jo Baýden uçurym dabarasynda sahnada ýere ýykyldy

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden ABŞ-nyň Harby-howa güýçleri akademiýasynyň talyplarynyň gutardyş dabarasynda sahnada bolan mahaly ýere ýykyldy

1994327
Jo Baýden uçurym dabarasynda sahnada ýere ýykyldy

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Kolorado ştatyndaky ABŞ-nyň Harby-howa güýçleri akademiýasynyň talyplary üçin geçirilen uçurym dabarasynda eden çykyşyndan soň, talyplara diplomlaryny gowşuranyndan soň, sahnada bolan mahaly deňagramlylygyny ýitirdi we ýere ýykyldy. 

Talyplaryň, maşgalalarynyň we harby resmileriň gatnaşan çärede talyplaryň birine diplomyny gowşuranyndan soň Jo Baýdeniň ýerine oturmak üçin yzyna öwrülen mahaly sahnada aýagy çolaşyp, dyzynyň üstüne ýykyldy. 

Jo Baýden goragçylarynyň we sahnadaky Harby-howa güýçleriniň ofiserleriniň kömegi bilen ýerinden turdy. Aýaga galanyndan soň ýerde duran bir zady görkezen Jo Baýdeniň aýagynyň şol ýere çolaşandygyny aýtdy. 

Ak Tamdan 80 ýaşyndaky Jo Baýdeniň ýagdaýy bilen bagly hiç hili beýanat berilmedi. 

 


Etiketkalar: #ABŞ , #Jo Baýden

Degişli Habarlar