BMG Ukrainada Saglygy goraýyş edaralarynyň hüjüme sezewar galmagy bilen bagly beýanat berdi

Birleşen Milletler Guramasy (BMG) Ukrainada söweşiň başlan güni bolan 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri 1000-den gowrak saglygy goraýyş edarasynyň hüjüme sezewar galandygyny habar berdi

1993827
BMG Ukrainada Saglygy goraýyş edaralarynyň hüjüme sezewar galmagy bilen bagly beýanat berdi

BMG-nyň metbugat geňeşçisi Stefan Dýužarrik gündelik metbugat ýygnagynda, mesele bilen bagly beren beýanatynda, sebitdäki BMG-nyň işgärleriniň saglygy goraýyş desgalarynyň her gün diýen ýaly nyşana alynýandygyny aýdandyklaryny mälim etdi. 

Diňe düýnki gün Donetsk sebitinde 3 aýry saglygy goraýyş edarasynyň nyşana alynyp, hüjüm guralandygyny aýdan Stefan Dýužarik: "Saglygy goraýyş edaralaryna garşy hüjümler, front liniýasynyň taraplarynyň ikisinde hem guraldy. Nirde bolsa bolsun, saglygy goraýyş edaralaryny nyşana almak ýa-da hüjüm guramak ynsanperwer kanunlaryň bozulmagyny emele getirýär" diýip belledi. 

Stefan Dýužarrik beýleki tarapdan bolsa Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň 15 aý ozal başlan Russiýa-Ukraina söweşinde saglygy goraýyş edaralaryna garşy 1000-den gowrak hüjümleriň guralandygyny, şol hüjümleriň 240 adamyň ýogalmagyna we saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň we syrkawlaryň ýaralanmagyna sebäp bolandygyny aýan etdi. 

Ukrainanyň gündogaryndaky we günortasyndaky saglygy goraýyş edaralarynyň ýarsyndan gowragynyň işlemeýändigini aýdan Stefan Dýužarrik, häzirki wagta çenli BMG-nyň we ynsanperwer hyzmatdaşlarynyň saglygy goraýyş ugrunda 3 million adama hyzmat berendigini, maksatlarynyň şu ýylyň ahyryna çenli 8 million adama hyzmat bermekdigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar