Germaniýanyň Polis Gullugy Metjitde Bolan Ýangyn Sebäpli Derňew Işini Başlatdy

Germaniýanyň Polis gullugy Hannowerdäki Yslam jemagaty Milli görüşe degişli Merkezi metjit kompleksinde bolan ýangyndan soň derňew işini başlatdy.

1993332
Germaniýanyň Polis Gullugy Metjitde Bolan Ýangyn Sebäpli Derňew Işini Başlatdy

Aşakky Saksoniýa ştatynyň Ýokary yslamy guramasy Şuranyň başlygy Rejep Bilgen, Twitterden beren beýannamasynda Hannowerdäki iň uly metjidiň şübheli hüjümde nyşana alynandygyny beýan etdi.

Bilgen hüjümiň Solingende ýaşaýan türk maşgalanyň 5 agzasynyň ölmegine sebäp bolan rasist hüjümiň 30-njy ýylynda guralandygyny nygtap, “Wakanyň doly anyklanmagyny we ybadathanalarymyzyň goralmagyny talap edýäris” diýdi.

Hannoweriň plis gullugynyň beýannamasynda ýangynyn ýekşenbe güni gije metjidiň kompleksindäki restoranyň daşynda bolandygyny we goňşular tarapyndan söndürilendigi beýan edildi.

Ýangynda käbir oturgyçlar, binanyň daşky fasady we bir penjiresi ýandy, metjidiň içine hiç hili zeper ýetmedi.

Germaniýada geçen ýyl ýurt boýunça azyndan 610 yslam duşmançylygy jenaýaty bellige alynan bolsa, 62 metjide hüjüm guraldy we azyndan 39 adam yslama garşy hüjümler sebäpli jenaýat işine çekildi.



Degişli Habarlar