ABŞ-nyň Döwlet sekretary Şwesiýada saparda bolýar

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Jo Baýdeniň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümetiň Türkiyä F-16 satuw meselesini, Şwesiýanyň NATO agzalygy bilen baglanyşdyrmaýandygyny habar berdi

1993291
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Şwesiýada saparda bolýar

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Şwesiýanyň Luleo şäherinde Şwesiýanyň Premýer ministri Ulf Kristersson bilen geçiren umumy metbugat ýygnagynda çykyş etdi. 

Şwesiýanyň NATO agzalygy bilen baglanşykly soraga Entoni Blinken: "NATO-nyň düzümine goşulmak bir tapgyrdyr. Şol tapgyryň dowamynda alýansa agza ýurtlar özleri üçin alada döredýän meseleleri gün tertibe getirip biler. Elbetde Türkiye soňky birnäçe aýda şony etdi" diýip jogap berdi.  

Blinken Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň Türkiyäniň aladalaryny ortadan aýyrmak üçin möhüm ädimler edendigini belläp: "Alýansyň käbir agzalaryny, käbir howpsuzlyk aladalaryna gönükdirmeginiň Türkiyäniň üstünligidini pikir edýärin. Emma şol aladalary ortadan aýyrmak üçin anyk ädimler etmekleri hem Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň üstünligidir" diýip belledi. 

ABŞ-nyň Türkiyä F-16 satuwynyň Şwesiýany NATO agzalygyny tassyklamagyna baglydygy baradaky öňe sürmeler barada Blinken, ikisiniňem tapawutly meselelerdigini beýan etdi. 

Blinken Jo Baýdeniň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümetiň Türkiyä F-16 satuw meselesini, Şwesiýanyň NATO agzalygy bilen baglanyşdyrmaýandygyny, şol satuwyň ABŞ-nyň hem peýdasynadygyny, emma meseleleriň ikisi boýunça hem gysga wagtda öňe gidişlik edilmeginiň gerekdigini belledi. 

Şwesiýanyň Premýer ministri Ulf Kristersson hem öz gezeginde ABŞ-nyň Şwesiýanyň NATO agzalyk tapgyryna berýän goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi. 

Ulf Kristersson Türkiye bilen NATO agzalyk babatynda gepleşikleriň dowam edýändigini belläp, ýurdunyň Türkiye, Şwesiýa we Finlýandiýa döwletleriniň arasynda baglaşylan Üçtaraplaýyn memorandumyň düzümindäki jogapkärçilikleri ýerine ýetirýändigini aýtdy. 

Ulf Kristersson Türkiyäniň kararyna hormat goýandyklaryny belläp: "Indi bolsa karar bermeklerine garaşýarys" diýip nygtady. 


Etiketkalar: #Türkiye , #NATO , #Şwesiýa , #ABŞ

Degişli Habarlar