Ukrainanyň Prezidenti Eýran bilen bagly beýannama berdi

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, Eýrana garşy 50 ýyl möhlet bilen sanksiýa girizilmegi bilen bagly kanun taslamasyny parlamentiň garamagyna hödürledi

1992412
Ukrainanyň Prezidenti Eýran bilen bagly beýannama berdi

Kanun taslamasy Ukrainanyň Parlamentiniň Ýokary Radanyň internet saýtynda çap edildi. 

Kanun taslamasynda Zelenskiýniň Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranmak geňeşiniň 2023-nji ýylyň 27-nji maýynda kabul eden "Eýrana garşy pudaklaýyn ykdysady we beýleki çäklendiriji çäreleri durmuşa geçirmek" bilen bagly kararyny Ýokary Radanyň garamagyna hödürländigi habar berildi. 

Kanun taslamasyna laýyklykda Ukrainanyň 50 ýyl möhlet bilen Eýrana garşy sanksiýalaryň girizilmegi göz öňünde tutulýar, şol çäkde Eýran bilen söwda gatnaşyklaryň dolulygyna gadagan edilmegi, Eýranyň Ukrainanyň territoriýasynyň üsti bilen serişdeleriň geçirilmegi, uçar gatnawlary we ýük daşamak ýaly hereketler gadagan edilýär. 

Mundan başgada Eýranyň raýatlaryna tehnologiýa, intellektual eýeçilik hukuklarynyň berilmegi we şol ýurt bilen maýa goýumlaryň gadagan edilmegi hem taslamanyň düzüminde bar. 

Beýleki tarapdan Ukrainanyň Prezident ofisiniň maslahatçysy Mihail Podolýak sosial media hasabyndan beren beýanatynda "Eýranyň Ýewropa we Ýakyn Gündogar üçin howp emele getirýän bir terror režimidigini, ýadro synaglaryň bütin dünýä üçin howp emele getirýändigini" habar berdi. 

Tähranyň Russiýanyň Ukraina garşy başladan söweşde Moskwanyň möhüm bir ýarany ýagdaýyna gelendigini aýdan Podolýak: "Eýran şäherlerimize garşy guralýan hüjümler üçin Moskwany bilkastlaýyn ýagdaýda ýarag bilen üpjün etdi. Düýn gije Şahed uçarmansyz howa ulagy bilen Kiýewe guralan hüjüm şol hakykatyň subutnamasydyr" diýip belledi.



Degişli Habarlar