Owganystanda 5,2 bal ululuygynda ýer titremesi boldy
Owganystanyň Badahşan welaýatynda 5,2 bal ululuygynda ýer titremesi boldy
1991966

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew guramasy ýerli wagt bilen sagat 10:22-de bolan ýer titremäniň güýç merkeziniň Badahşan welaýatynyň Jurm etrabydygyny, ululygynyň bolsa 5,2 baldygyny habar berdi.
Ýer titremede adam ýitgileriniň ýa-da ýaralanmalaryň bolup-bolmandygy barada entek maglumat berilmedi.
Goňşy ýurtlar Täjigistanda we Pakistanda hem duýulan ýer titremäniň, ýeriň 223 km aşagynda emele gelendigi habar berildi.
Degişli Habarlar

Aliýew Bilen Paşinýan Ispaniýada Duşuşar
Aliýew bilen Paşinýanyň 5-nji oktýabrda Ispaniýanyň Granada şäherinde duşuşmagyna garaşylýar.