Russiýa şwesiýaly 5 diplomaty islenmeýän adam yglan etdi
Russiýa şwesiýaly 5 diplomaty islenmeýän adam yglan etmek barada karara geldi

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Şwesiýanyň 25-nji aprelde 5 rus diplomaty islenmeýän adam yglan edendigi ýatladyldy.
Onuň duşmançylykly bir ädimdigi we ikitaraplaýyn gatnaşyklara zeper ýetirendigi bellenen beýanatda, şol sebäpli Şwesiýanyň Moskwa şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Malena Mardyň Daşary işler ministrligine çagyrylandygy beýan edildi.
Beýanatda ilçä ikitaraplaýynlylyk ýörelgesine laýyklykda Şwesiýanyň Moskwa şäherindäki ilçihanasynda goranmak meseleleri bilen gyzyklanýan 3 işgär bilen birlikde jemi 5 şwesiýaly diplomatyň islenmeýän adam yglan edilendigi barada maglumat berilendigi habar berildi.
Mundan başgada Russiýanyň Şwesiýanyň Gýoteborg şäherindäki baş konsullugynyň 1-nji sentýabrdan başlap işleriniň bes edilmegi barada karar kabul edilendigi bellenen beýanatda: "Ilçä rus tarapynyň 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap Şwesiýanyň Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherindäki baş konsullygynyň işlerine beren rugsatnamasyny ýatyrandygy barada maglumat berildi" diýip nygtaldy.
Degişli Habarlar

Hindistanda Bolan Otly Heläkçiliginde 288 Adam Ýogaldy
Düýn ýerli wagt bilen 19.20-de iki ýolagçy we bir ýük otlusy kakyşdy.

NATO-nyň Baş sekretary Türkiyä sapar gurar
NATO tarapyndan berilen beýanata görä, Ýens Stoltenberg 3-4-nji iýun aralygynda Ankara sapar gurar