106 Ukrain Esgeri Boşadyldy

Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky ýesir çalşygynyň çäginde 106 ukrain esgeri boşadyldy.

1991035
106 Ukrain Esgeri Boşadyldy

Ukrainanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryjysy Andriý Ýermak sosial media hasabyndan beren habarnamasynda, Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda ýesir çalşygynyň bolandygyny habar berdi.

Ýermak 8 sanysy ofiser, 106 harbynyň boşadylandygyny mälim etdi.

Ukraina yzyna berilen esgerleriň umuman Bahmut tarapynda gulluk edýändigine ünsi çeken Ýerman; “Boşadylanlaryň esasy bölegi dereksiz ýiten hökmünde bellige alynypdy. Bularyň hossarlary agyr günleri başdan geçirdiler” diýdi.



Degişli Habarlar