Russiýa we Belarus Ýadro Ýaragyny Ornaşdyrmak Hakyndaky Resminama Gol Çekişdi

Bu barasynda Russiýanyň TASS habarbar gullugy habar berdi.

1990776
Russiýa we Belarus Ýadro Ýaragyny Ornaşdyrmak Hakyndaky Resminama Gol Çekişdi

Rus döwlet habarlar gullugy “TASS-yň” mälim etmegine görä Russiýanyň we Belarusyň goranmak ministrleri Russiýanyň taktiki ýadro ýaraglarynyň Belarusa ornaşdyrylmagy hakyndaky ylalaşyga gol goýdular.

Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bolsa Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň günbataryň Russiýa we Belarusa garşy “yglan edilmedik söweş” alyp barýandygyny aýdandygyny ýazdy.

2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndan bäri dowam edýän Ukrainadaky söweş boýunça ýakyn ýaranlyk edýan Russiýa bilen Belarus, ýylyň başynda Moskwadaky taktiki ýadro ýaraglarynyň bir böleginin Belarusa ornaşdyrylmagy boýunça ylalaşypdy.

 



Degişli Habarlar