Italiýadaky sil apatynda ýogalanlaryň sany 15 adama ýetdi

Italiýanyň Emilia Romagna sebitinde geçen hepde aşa köp ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatynda ýogalan adamalryň sany, dereksiz ýiten ýene-de 1 adamyň jesediniň tapylmagy bilen 15-e ýetdi

1990157
Italiýadaky sil apatynda ýogalanlaryň sany 15 adama ýetdi

Italiýanyň ANSA habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, geçen hepde sebitde başdan geçirilen sil apatynyň iň köp täsir ýetiren ýerleriniň biri bolan Lugo sebitinde ýene-de 1 adamyň jesedi tapyldy. 

17-nji maýda dereksiz ýiten 68 ýaşyndaky adamyň jesediniň Italiýanyň Žandarma güýçleri tarapyndan tapylandygy mälim edildi. 

Şeýlelik bilen sil apatynda ýogalanlaryň sany 15 adama ýetdi. 

Beýleki tarapdan bolsa güýçli ýagyşlaryň ýagmagy ähtimal sebitde gyzyl duýduryş statusy dowam edýär. 

Sil apaty sebäpli Premýer ministr Jorjiýa Meloniniň ýolbaşçylygyndaky sag koalisiýa hökümeti, sil apatyna sezewar galan sebitiň zerurlyklary üçin 2 milliard ýewrodan gowrak pul serişdesiniň bölünip aýrylmagy barada karara geldi. 

 


Etiketkalar: #sil apaty , #Italiýa

Degişli Habarlar