“Türkiýe Bilen BMG-nyň Galla Geçelgesi Tagallasyna Güýçli Goldaw Berýäris”

Wedant Patel, Türkiýe bilen BMG-nyň bu meselede edýän tagallasyna güýçli goldaw berýändiklerini belledi.

1987995
“Türkiýe Bilen BMG-nyň Galla Geçelgesi Tagallasyna Güýçli Goldaw Berýäris”

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy, Prezident R. T. Erdoganyň, Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygynyň möhlediniň uzadylandygy hakyndaky beýannamasyna kanagatlanma bildirýändiklerini aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Wedant Patel, Türkiýe bilen BMG-nyň bu meselede edýän tagallasyna güýçli goldaw berýändiklerini belledi.

Patel “ Her birnäçe hepdeden Moskwa beren wadasyna durmagyny we ynsanlaryň açlygyny Ukraina garşy söweşlerinde ýarag hökmünde ulanmakdan ýüz öwürmegini ýatlatmaly bolýarys. Gallanyň dünýä ýurtlaryna ýetirilmegini bökdemezligi ýygy-ýygydan ýatladýar. Gara deňiz galla geçelgesi dünýäniň galla üpjünçiligi taýdan diýseň möhüm” diýdi.

Russiýanyň Ukraina söweşini bes etmelidigini nygtan Patel, söweşiň bes edilmeginiň halkara azyk howpsuzlygy taýdan uly ähmiýete eýedigini nygtady.

Beýleki tarapdan BMG-nyň Baş sekretary Antoni Guterreş hem “Gara deňiz galla geçelgesi üçin BMG bilen utgaşykly ýagdaýda işleşen Prezident R. T. Erdogana we türk hökümetine sagbolsun aýdýaryn” diýdi.

Guterreş, Russiýanyň, Ukrainanyň, Türkiýäniň we BMG-nyň bu mesele boýunça gepleşik geçirmäge dowam etjekdigini belledi.

Gutereş, “Bu ulalaşyklar halkara azyk howpsuzlygy tadýan uly ähmiýete eýe. Ukraina we Russiýa dünýä ýurtlaryny galla bilen üpjün edýär. Gara deňiz galla geçelgesi arkaly 30 million tonna galla eksport edildi” diýdi.



Degişli Habarlar