Zambiýada Bolan Awtobus Heläkçiliginde 24 Adam Ýogaldy

Wakada awtobusyň sürüjisi bilen birlikde 12 adam hem agyr ýaralandy.

1986201
Zambiýada Bolan Awtobus Heläkçiliginde 24 Adam Ýogaldy

 

Zambiýada dini dabara barýan ýolagçylary alyp barýan awtobusyň ýük ulagy bilen kakyşmagy sebäpli bolan heläkçilikde 24 adam ýogaldy.

Zambiýanyň Siawona etrapçasynda buthanada geçiriljek dini dabara barýan ýolagçylary alyp barýan awtobus ýük ulagy bilen kakyşdy.

Wakada 24 adam ýogaldy, awtobusyň sürüjisi bilen birlikde 12 adam hem agyr ýaralandy.

Zambiýada ýollaryň erbetdigi sebäpli ýygy-ýygydan şuňa meňzeş heläkçilikler başdan geçirilýär.



Degişli Habarlar