Russiýa: "Ukrainanyň goşunynyň hüjümleri yzyna serpikdirildi" diýdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky hereketleri barada beýannama berdi

1985842
Russiýa: "Ukrainanyň goşunynyň hüjümleri yzyna serpikdirildi" diýdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, Soledar ugrunda Ukrainanyň goşunynyň hüjümler gurandygyny belläp: "Russiýanyň harby birikmeleri goranyşda hiç hili düzgün bozma ýol bermedi" diýip habar berdi. 

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky hereketleri barada beýannama berdi. 

Soledar ugrunda Ukrainanyň goşunynyň hüjümler gurandygyny bellän Konaşenkow: "Soledar ugrunda duşman düýn 95 kilometrden has uzyn liniýa boýunça hüjüm ediji operasiýalar amala aşyrdy" diýip habar berdi. 

Ukrainanyň Ýaragly güýçlerine degişli harby birikmeleriň 26 aýry gezek hüjüm gurandygyny aýdan Konaşenkow, şol hüjümleriň netijesinde ukrainaly 1000-den gowrak esger, 40-dan gowrak tank, beýleki harby we ýörite ulaglar bilen amala aşyrylandygyny mälim etdi. 

Konaşenkow: "Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň harby birikmeleriniň ähli hüjümleri yzyna serpikdirildi. Russiýanyň harby birikmeleri goranyşda hiç hili düzgün bozma ýol bermedi" diýip aýan etdi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar