ÝB, Gazada Guralýan Hüjümlere Alada Bildirýär

“ÝB, çagalar bilen birlikde asuda ilatyň ýogalmagyna uly gynanç bildirýär we halkara hukugyna sarpa goýulmagy üçin çagyryş berýär”

1984626
ÝB, Gazada Guralýan Hüjümlere Alada Bildirýär

ÝB, Ysraýylyň Gazada guraýan hüjümlerinde adam pidasynyň çekilmegine alada bildirýändigini mälim etdi.

ÝB-niň Daşarky gatnaşyklardan we howpsuzlykdan jogapkär ýokary wekilli Borreliň ofisinden berlen ýazmaça beýannamada, ÝB-niň, Ysraýylyň düýn Gaza guran hüjüminden soň dartgynlygyň artmagyna alada bildirýändigi nygtaldy.

Beýannamada, “ÝB, çagalar bilen birlikde asuda ilatyň ýogalmagyna uly gynanç bildirýär we halkara hukugyna sarpa goýulmagy üçin çagyryş berýär” diýildi.

Beýannamada, ähli taraplara dartgynlygyň möwjemegine sebäp bolup biljek hereketlerden gaça durulmagy üçin çagyryş berildi.

Ysraýylyň harby goşunynyň düýn ir ertir Gaza guran howa hüjümlerinde zenanlar bilen çagalar bilen birlikde 15 palestinaly ýogalypdy, 22 palestinaly hem ýaralanypdy.

Ysraýylyň Günbatar Şerianyň Nablus şäherinde guran operasiýasynda hem 15 palestinaly ýaralanypdy.



Degişli Habarlar