Italiýa raýatlaryna Ukraina bilen bagly çagyryş berdi

Italiýanyň Kiýew şäherindäki ilçihanasy Russiýanyň barha artýan hüjümleri sebäpli öz raýatlaryna Ukrainany iň tiz wagtda terk etmeklerini maslahat berdi

1984323
Italiýa raýatlaryna Ukraina bilen bagly çagyryş berdi

Italiýanyň Kiýew şäherindäki ilçihanasynyň web saýtynda çap edilen ýüzlenmede: "Häzirki wagtda Ukrainada bolan raýatlara, köçä çykmak gadagançylygy bolmaýan wagtlar, otlylar bilen birlikde häzirki wagtda bar bolan transport serişdeleri ulanylyp, ýurdy iň tiz wagtda terk etmekleri we ünsli bolmaklary barada maslahat berilýär. Nähili maksatly bolsa bolsun Ukraina ediljek ähli syýahatlar çürt-kesik maslahat berilmeýär" diýip habar berildi. 

Ukraina duşenbe güni irden köp sanda rus uçarmansyz howa ulaglary we raketalar bilen hüjümleriň guralandygyny beýan edipdi, ýurduň paýtagty Kiýewiň üstünde 35 kamikaze uçarynyň od açylyp ýere gaçyrylandygyny mälim edipdi. 

Russiýanyň Harby-howa güýçlerine degişli uçarlaryň Odessa sebiti ugrunda 8 raketa atandygy beýan edilipdi. 

Zaparožýe şäheri bilen birlikde Çernigow we Dnepropetrowsk sebitlerinde partlamalaryň bolandygy aýan edilipdi. 

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Ukrainany basyp almak barada buýruk beripdi we şeýlelik bilen Russiýa-Ukraina söweşi başlapdy. 


Etiketkalar: #raýat , #Ukraina , #Italiýa

Degişli Habarlar