Serbiýada Ýene-de Bir Hüjüm Guraldy

Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 8 adam ýogaldy, 13 adam ýaralandy.

1982861
Serbiýada Ýene-de Bir Hüjüm Guraldy

 

Serbiýada mektebe guralan we 9 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan ýaragly hüjümden soň ýene-de bir hüjüm guraldy.

Paýtagt Belgradyň golaýyndaky Mladenowas şäherçesinde 21 ýaşyndaky adam ýolda ulagynda barýarka çem gelen ýere od açdy.

Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 8 adam ýogaldy, 13 adam ýaralandy.

Hüjümçi ulagy bilen gaçmagy başardy.

Howpsuzlyk güýçleri hüjümçiniň tapylmagy üçin dikuçarlaryň we uçarmansyz howa ulaglarynyň gatnaşmagynda operasiýa başlatdy.

Içeri işler ministri Bratislaw Gaçiç, wakany “terrorçylykly aksiýa” hökmünde häsiýetlendirdi.

Serbiýada çarşenbe güni 13 ýaşyndaky hüjümçi mekdebe guran hüjüminde 8 okuwçy bilen 1 howpsuzlyk gullukçysyny öldüripdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar