Zelenskiý Herson sebitine guralan hüjüm barada beýanat berdi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň düýn Herson sebitine guran hüjümlerinde 21 adamyň ýogalandygyny, 48 adamyň hem ýaralanandygyny habar berdi

1982681
Zelenskiý Herson sebitine guralan hüjüm barada beýanat berdi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Russiýanyň goşunynyň Herson sebitindäki bir otly duralgasyna, öýlere, gurluşyk materiallary satýan markete, dükana, ýangyç doldurylýan bekede hüjümler gurandygyny mälim etdi. 

Hüjümleriň netijesinde 21 adamyň ýogalandygyny, 48 adamyň hem ýaralanandygyny aýdan Zelenskiý, ýogalanlaryň ählisiniň asuda ilatdan ybaratdygyny aýan etdi. 

Wladimir Zelenskiý Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň Kremldäki ýerine uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm guralmagy bilen bagly öňe sürmeler barada: "Putine hüjüm guramadyk, biz ony kazyýete tabşyrdyk" diýip habar berdi. 

Wladimir Zelenskiý, Finlýandiýanyň paýtagty Helsinki şäherinde gatnaşan Nordik-Ukraina sammitinden soň, geçirilen metbugat maslahatynda, Russiýa halkara hukuk tarapyndan ykrar edilen döwlet serhetlerine hormat goýmagyň öwredilmeginiň gerekdigini beýan etdi. 

 


Etiketkalar: #Russiýa , #hüjüm , #Herson , #Ukraina

Degişli Habarlar