Peruda Adatdan Daşary Ýagdaý Dolanşygy Yglan Edildi

Serhetlerde adatdan daşary ýagdaý dolanşygy yglan edildi

1980068
Peruda Adatdan Daşary Ýagdaý Dolanşygy Yglan Edildi

 

Günorta Amerikada ýerleşýän Peruda, bikanun göçe garşy göreşiň çäginde serhetlerde adatdan daşary ýagdaý dolanşygy yglan edildi.

Perunyň Prezidenti Dina Boluarte, soňky döwürde bikanun ýollardan ýurda girýän bosgunlaryň sanynyň gün saýyn köpelýändigini belledi.

Prezident Boluarte, bikanun göçün öňüni almak maksady bilen serhetlerde adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň yglan edilendigini belledi.

Adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň çäginde ýurduň Çili, Boliwýa, Braziliýa, Ekwador we Kolumbiýa serhedine goşmaça harby toparlar ornaşdyrlar.

Prezident Dina Boluarte, kararyň howpsuzlyk maksady bilen kabul edilendigini nygtap, “Ýurtda her gün hüjümler guralýar. Dükanlar talanlar we şol jenaýatlaryň arasynda daşary ýurtlylar çykýar. Şol sebäpli hem şeýle karar kabul etmeli bolduk” diýdi.

 



Degişli Habarlar